Howdan-Bajygyran” Döwlet söwda firmasynyň 4 dükandan ybarat bolan özüniň bölekleýin söwda ulgamy bar. Firmanyň esasy işi bölekleýin we lomaý söwda bolup durýar. Haryt dolanyşygynyň göwrüminiň görkezijileriniň ýokarlanmagy esasan şu aşakdakylar esasynda gazanylýar:
Türkmenistanyň ýerli dokma senagaty tarapyndan öndürilen harytlary ýerlemek; (pagtadan matalar; biz, polotensa, örtük, ýorgan-düşek toplumlary, jorap, jins önümleri)
Türkmenistanyň telekeçileri we hususy kärhanalary tarapyndan öndürilen senagat önümlerini ýerlemek; (erkekleriň aýakgaplary, plastmassa önümler).
Söwda-tehnologiki enjamlarda komission söwdany giňeltmek (marmit, witrina görnüşli sowadyjylar, doňduryjylar, içgiler üçin sowadyjylar, gowurmak üçin peçler, elektriki plitalar, paýlamak üçin stollar, stollar, oturgyçlar, kapasalar, aýnaly şkaflar, ofis mebelleri)